Robert Douni-kiçi “Ar alyjylar” filminiň indiki bölüminde diňe bir Doktor Dumuň keşbinde oýnamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň öňki taryhyny hem ýazar. Aktýor “Ar alyjylar: Kyýamat güni” filminde ýerine ýetirýän keşbi üçin onuň öňki taryhyny döretmeklige girişdi. Bu barada režissýorlar Jo bilen Entoni Russo Entertainment Tonight-a beren interwýusynda habar berdiler.
Olaryň sözlerine görä, aktýor bu işe “başybitin berildi” we hatda barlyşyksyz garşydaşyň geýiminiň dizaýnyny saýlamak bilenem hut özi meşgullanýar.
Mart aýynyň başynda “Ar alyjylar: Kyýamat güni” blokbasterine konsept-artlar peýda boldy. Olarda Doktor Dum merkezi şahsyýet boldy. Bir suratda ol tagtda otyr, beýlekisinde bolsa ýesir düşen Rid Riçardy kazyýete çekýär. Onuň gapdalynda Şerif Strenj (Doktor Strenjiň komikslerden alnan alternatiw wersiýasy) we Gara Dul Aýal Ýelena Belowa bar.
Filmiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň maý aýynda bolar. Doganlar Russolar sýužeti häzirlikçe gizlin saklaýarlar, ýöne öň filmiň iki ýarym sagatdan üç sagada çenli dowam edip biljekdigini ýaňzydypdylar.