“Bilim daragty” okuw merkezi täze möwsüme ýazylýanlara birnäçe täzelikleri hödürleýär

  • 07.03.2025 09:44
  • 98k+

“Bilim daragty” okuw merkezi Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinden gelýän diňleýjileriniň gatnawlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, ýörite awtobus gatnawlaryny ýola goýýar. Awtobuslar şäheriň dürli ýerlerinden ugrap, ýolugrunda diňleýjileri okuw merkezine getirer. Okuwlar tamamlanandan soň bolsa, ýene-de şol ugur boýunça okuwçylary yzyna alyp gaýdar. Bu bolsa çagalaryň ýola sarp edýän wagtyny we çykdajylaryny tygşytlamaga kömek eder.
Okuw merkezinde täze möwsüm - 10-njy martda başlaýar.

Okuw merkezinde – iňlis dili, rus dili, nemes dili, matematika we mental arifmetika ugurlary boýunça sapaklar geçilýär.
Tejribeli mugallymlar okuw maksatnamasynyň islendik diňleýjide (diňleýjiler 6 ýaşdan kabul edilýär) oňat özleşdirilmegi üçin iň öňdebaryjy usulyýeti ulanýarlar. Dil sapaklary hem dünýäde üstünlik gazanan usulyýetlerine esaslanýar. Sapaklar derejesine görä, şol dilde alnyp barylýar.
Okuwlar Oxford maksatnamasy esasynda düzülen kitaplar boýunça alnyp barylýar. Okuw merkezi her diňleýjä okuw kitaplaryny we rýukzaklary SOWGAT berýär.

“Bilim daragty” okuw merkezi okuwçylaryň sapaklaryň arasynda dynç almaklary üçin hem ähli şertleri göz öňünde tutdy. Bu ýerde naharhana hereket edýär. Kinozaly, tennis bolsa, olaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmegine mümkinçilik berer.
Okuwlaryň möhleti – 3 aý.
Okuwlaryň TERTIBI:

  • Duşenbe, çarşenbe, anna günleri;
  • Sişenbe, penşenbe, şenbe günleri

Okuw sagatlary:

  • 09:00-dan 11:35-e çenli;
  • 12:00-dan 14:35-a çenli;
  • 15:30-dan 18:05-e çenli;
  • 18:30-dan 21:05-e çenli.

Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Andalyp we Galkynyş köçesiniň çatrygy (Mir-Atabaýew), köne Çaphana.
Telefonlar: 266-362; 266-365;
+99371 67-33-45;
+9936385-05-24
E-mail: bilimdaragty@gmail.com
Instagram: @bilimdaragty
TikTok: @bilimdaragty



25.05.2026 17:25
3.8k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.8k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......