Tramp ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek iňlis dilini resmi dil diýip yglan etdi

  • 02.03.2025 11:42
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iňlis dilini Birleşen Ştatlaryň resmi döwlet dili hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi. Resminama Ak tamyň saýtynda ýerleşdirildi.

“Bu perman iňlis dilini Birleşen Ştatlaryň resmi dili hökmünde kesgitleýär” – diýlip, resminamada aýdylýar.

Perman ABŞ-nyň 42-nji Prezidenti Bill Klintonyň federal permanyny ýatyrdy. Köne resminama laýyklykda, federal maliýeleşdirmesini alýan edaralar we guramalar iňlis dilinde gürlemeýän adamlara terjime bilen kömek etmelidi.
Şol bir wagtyň özünde, edaralar öňküsi ýaly dürli dillerde resminamalary we hyzmatlary hödürläp biler. Bu resminama “ähli raýatlar üçin umumy amerikan medeniýetini ösdürmek, hökümet işinde yzygiderliligi üpjün etmek we Amerikanyň bähbitleri üçin raýat işjeňligine tarap ýol döretmek” maksady bilen gol çekildi.
Belläp geçsek, ABŞ-da ýurduň 250 ýyllyk taryhynda hiç haçan federal derejede resmi dil bolmandy. Ýöne Birleşen Ştatlaryň raýatlygyny almaga isleg bildirýänler iňlis dili boýunça synag tabşyrmaly. Öň 30-dan gowrak ştat iňlis dilini resmi dil diýip yglan edýän kanuny kabul edipdi.
ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlaryna görä, amerikalylaryň 78%-den gowragy gündelik durmuşynda diňe iňlis dilini ulanýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň millionlarça ýaşaýjysy ispan, hytaý, tagal ýaly başda dillerde hem-de ýerli halklaryň dillerinde gürleýär.
Donald Tramp ABŞ-da iňlis diliniň goragy ugrunda birnäçe gezek çykyş etdi. Mysal üçin, 2015-nji ýylda prezidentlik kampaniýasy wagtynda ol öz garşydaşlarynyň biri Jeb Buşy saýlawdan öňki kampaniýada ispan dilinde gürländigi üçin tankytlady. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Tramp ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişenden tiz wagtdan soň onuň administrasiýasy Ak tamyň web-saýtynyň ispan dilli görnüşini petikledi. 


düýn 19:37
4.2k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.4k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....