Täze nesil Toyota Land Cruiser Prado-nyň suratlary peýda boldy

  • 01.03.2025 12:59
  • 14k+

Hytaýyň Weibo sosial torunda täze nesil Toyota Land Cruiser Prado-ny ähli taraplaryndan görkezýän suratlar paýlaşyldy.

Täze modeliň bahasy 62 müňden 77 müň dollara çenli aralykda üýtgeýär. Ölçegleri bolsa şeýle: uzynlygy 4925 mm, ini 1940 (1980) mm, beýikligi 1910 (1920) mm, teker bazasy 2850 mm-e barabar. Ulag yzygiderli dört tigirden hereketlendirilýän ulgam bilen üpjün edilen.
Salony häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan: Qualcomm Snapdragon 8155 çibi hem-de Apple CarPlay, Huawei HiCar we Baidu CarLife hyzmatlaryny goldaýan multimediýaly ulgam bilen üpjün edilen.

Täzelenen «Toyota Pilot» toplumy 20-den gowrak howpsuzlyk funksiýasyny öz içine alýar. Olaryň arasynda çaknyşyklaryň öňüni almak, zolaklaryň gözegçiligi we awtoulagy duralga ýerleşdirmek üçin kömek ýaly funksiýalar bar. Bulardan başga-da 14 sany JBL dinamikalary, panoramaly lýuk hem-de ösen ses izolýasiýa ulgamy bar.
Täze Prado-nyň kapotynyň aşagynda 2,4 litrlik turbo hereketlendirijiniň we elektrikli hereketlendirijiniň esasynda döredilen gibrid ulgam ýerleşýär. Ulgamyň öndürýän umumy kuwwaty 330 at güýjüne, iň ýokary burulma momenti (torky) bolsa 630 Nm barabardyr.
Ulag 8 basgançakly awtomatiki karobka bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle-de ol elektron dolandyrylýan stabilizasiýa ulgamy, Torsen LSD merkezi differensial blokirlemesi, yzky okda Torsen LSD differensialy hem-de adaptatiw AVS asma ulgamy bilen üpjün edilýär.





24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......