iPhone 16e-ni söküp gördüler: gapagynyň astynda nämeler gizlenýär?

  • 03.03.2025 19:35
  • 14k+

Tehniki enjamlary bejerýän REWA Technology kompaniýasynyň hünärmenleri täze iPhone 16e-ni söküp, bu smartfonyň Apple-yň beýleki modellerinden käbir tapawutly aýratynlyklarynyň bardygyny ýüze çykardylar.

iPhone 16e-niň içindäki bölekleriň ýerleşişi, umuman, soňky esasy iPhone modelleriniňkä meňzeýär.
Ilki bilen iPhone 16e-niň batareýasynyň ululygy garaşylandan has uly bolup çykdy – 4005 mA sag·sygymly. Deňeşdirsek, iPhone 16-da 3561 mA sag·sygymly batareýa ulanylypdy. Ikinjiden, batareýa elektrik arkaly işjeňleşýän ýörite ýelim bilen berkidilipdir. Şuňa meňzeş tehnologiýa ilkinji gezek iPhone 16 modelinde peýda bolupdy.
Mundan başga-da iPhone 16e-de diňe bir sany esasy kamera bar. Kameranyň sensorynyň çözgüdi iPhone 15-iňki bilen deň (48 MP), ýöne kameranyň moduly fiziki taýdan birneme kiçiräk. Munuň sebäbi, ähtimal, matrisanyň süýşmegine esaslanýan stabilizasiýanyň ýerine, has ýönekeý optiki stabilizasiýanyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Umuman alanyňda, iPhone 16e-niň içki gurluşy soňky esasy iPhone modelleriniňkä meňzeýär. REWA Technology-niň hünärmenleri täze smartfony abatlamagyň aňsatdygyny we munuň bu modeliň esasy artykmaçlygydygyny belläp geçdiler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...