Türkmenistanda ilkinji gezek açylan CURIOOkids bilim merkezi täze möwsümine başlaýar

  • 03.03.2025 10:24
  • 107k+

ABŞ, Indoneziýa, Oman, Birleşen Arap Emirlikleri, Awstraliýa, Malaýziýa ýaly dünýäniň ençeme ýurtlarynda hereket edýän “CURIOOkids” halkara bilim edarasynyň Türkmenistanda açylan ilkinji merkezi täze möwsümine ýazylyşyk yglan edýär.
Täze möwsüm 10-njy martda başlanýar.

CURIOOkids çalt özgerýän häzirki zaman dünýämizde telekeçileriň, dizaýnerleriň, alymlaryň we liderleriň täze neslini taýýarlamaga ýöriteleşýär. Okuwlar 6-15 ÝAŞ aralygyndaky çagalar üçin niýetlenen bolup, sapaklar tutuşlygyna IŇLIS DILINDE geçilýär.
Okuwlar Kembrij maksatnamasy (Beýik Britaniýa) esasynda guralýar.
Çagalar ýaş aýratynlygyna görä toparlara bölünýär. Okuwyň dowamynda ene-atalar çagalarynyň bilim derejeleriniň ösüşini yzarlap bilýär. Bilim merkezi çaganyň tehnologiýalar, telekeçilik, döredijilikli dizaýn ugurlarynyň haýsy biri boýunça ukyplarynyň ýokarydygyny anyklamak üçin dünýäde ulanylýan öňdebaryjy usulyýeti ulanýar. Şonuň netijesi boýunça her bir çaga indiwidual çemeleşme esasynda okuw maksatnamasyny düzýär.
Curiookids-de okuwlar şu 4 ugur boýunça alnyp barylýar:

  • Tehnologiýalar. Munda ykjam goşundylary işläp taýýarlamakdan başlap, web-dizaýna çenli, şol sanda, HTML, CSS, JavaScript, emeli aň öwredilýär;
  • Telekeçilik. Dürli ideýalary hakykatda üstünlikli taslamalara öwürmäge mümkinçilik berýän telekeçilik başarnyklary ösdürilýär;
  • Döredijilikli dizaýn. Dizaýnyň esaslary öwredilýär we döredijilikli pikirlenmek endikleri ösdürilýär;
  • Iňlis dili. Gündelik durmuşdaky hakyky wakalaryň üsti bilen aragatnaşyk endikleri ösdürilýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33

Habarlaşmak üçin: +993 71 803535
Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan






12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....