Dünýädäki iň gymmat awtoulagyň bahasy näçe? Autoblog TOP-3-lügi getirýär

  • 04.03.2025 14:47
  • 15k+

Iň gymmat awtoulaglaryň arasynda kämil inženerçilik çözgütleri, kaşaňlygy, özboluşly dizaýny we kuwwatly güýji özünde jemleýän deňsiz-taýsyz modeller bar. Autoblog portaly dünýäde iň gymmat awtoulaglaryň 3-lügini hödürleýär.


3-nji orunda: «Bugatti La Voiture Noire» – 18,7 million dollar
Bu giperkar brendiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Onuň 8,0 litrlik dört turbinaly W16 hereketlendirijisi 1479 at güýjüni öndürýär. Ulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,4 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa 420 km/sag-den geçýär.




2-nji orunda: «Rolls-Royce Boat Tail» – 28 million dollar
Bu «ýöreýän köşkden» bary-ýogy üç sanysy öndürildi. Dizaýny üçin 1920-nji ýyllaryň ýahtalaryndan ylham alnypdyr. Ol içindäki mini bary, piknik üçin niýetlenen stollary we «Bovet Fleurier» sagady ýaly eksklýuziw aksessuarlary bilen tapawutlanýar.



1-nji orunda, dünýäniň iň gymmat awtoulagy: «Rolls-Royce La Rose Noire Droptail» – 30 million dollar
Kuzowy «True Love Red» atly täsin reňk bilen boýalan rodster, el bilen ýerleşdirilen 1600 sany agaç bölejigi bilen bezelen. Onuň salonynda «Audemars Piguet» sagady we şampan saklaýjy ýaly eksklýuziw elementleri bar.
Bu awtoulaglar inženerçilik sungatynyň iň beýik derejesini görkezýän we diňe saýlanan adamlar üçin elýeterli bolan iň ýokary kaşaňlygyň nyşanydyr.


01.04.2026 16:47
3.4k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.3k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...

11.03.2026 21:12
9.2k+

Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat

Rolls-Royce Boat Tail britan markasynyň häzirki zaman awtoulaglarynyň arasynda iň gymmady hasaplanýar. Çaklamalara görä, şeýle ulaglaryň biriniň bahasy takmynan 28 million dollara ýetýär. Ozal Rolls-Royce ulaglary üçin iň ýokary bahalar seýrek duş gelýän antikwar nusgalaryň bäsleşikli söwdalarynda hasaba alynýardy...

09.03.2026 20:33
5.8k+

Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi

Venuum týuning kompaniýasy Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň üýtgeşik görnüşi bilen tanyşdyrdy. Black Cullinan Venuum Tyrannus diýlip atlandyrylan bu taslama diýseň giňeldilen kuzowy bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň haýbatly widebody toplumydyr...