Hindistanda 620 mln adam Gangyň we Ýamunanyň suwlaryna çümüp çykdy: bu dessur 144 ýyldan bir geçirilýär

  • 28.02.2025 00:19
  • 19k+

Hindistanda dünýäniň iň köp adam gatnaşan dini dabarasy – Maha Kumbha Mela geçirilip tamamlandy. Bu dabara «mukaddes küýze baýramy» diýlip hem atlandyrylýar. Dabara ýurduň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynyň Praýagraj şäherinde, Gang we Ýamuna derýalarynyň birleşýän nokadynda geçirildi.

CNN-iň habaryna görä, suwlaryň hapalanma derejesiniň ýokarydygy baradaky duýduryşlara garamazdan, soňky 45 günüň dowamynda bu derýalaryň suwlaryna 620 milliondan gowrak adam çümüp çykdy. Bu Hindistanyň 1,4 milliardlyk ilatynyň tas ýarysy diýen ýalydyr.
Kumbha Mela – hindi dini bolan induizmiň tarapdarlarynyň mukaddes ýerlere edýän köpçülikleýin zyýaratydyr. Zyýaratçylar bu mukaddes suwlarda ýuwunmagyň günälerini arassalaýandygyna ynanýarlar. Däp-dessur wagtynda olar suwa bütinleý çümýärler, suwdan elleri bilen alyp içýärler, soňra ony küýzelerine dolduryp öýlerine alyp gidýärler. Hindi maşgalalaryň, tas ählisiniň diýen ýaly, öýlerinde Gang derýasyndan alnan suwly küýze bolýar. Ol hindileriň ähli möhüm dini dabaralarynda, hususan-da täze doglan çaga ýuwulanda, toý wagtynda we adamlaryň aradan çykmazynyň öňüsyrasynda ulanylýar.

Kumbha Mela adamlaryň dünýädäki iň uly ýygnanyşygydyr. Bu dabara şeýle bir uly göwrümde geçirilýär welin, ony hatda kosmosdan hem görmek bolýar. Aslynda bu däp-dessur dürli görnüşlerde her ýyl geçirilýär, emma şu ýylky dabaranyň ady Maha Kumbha Mela (Beýik Kumbha Mela) bolup, ol diňe 144 ýyldan bir gezek geçirilýär. Şonuň üçin hem ol dini ynançly adamlar üçin has-da möhüm hasaplanýar.


Festiwalyň öňüsyrasynda Hindistanyň Ýokary ekologiýa kazyýeti degişli döwlet gulluklaryna derýalaryň suwlarynyň arassalygyny barlamaklaryny tabşyrdy. Suwuň içmek we ýuwunmak üçin ýeterlik derejede arassa bolmagy boýunça gözegçilik güýçlendirilmelidi, suwlardan nusgalar ýygnalmalydy we arassalanmadyk hapa suwlaryň hem-de galyndylaryň derýalara akdyrylmagyna ýol berilmeli däldi.

Emma suwlaryň hiline gözegçilik boýunça döwlet gullugynyň 3-nji fewralda hödürlän hasabatynda, derýalaryň suwlarynda fekal koliforma bakteriýalaryň (hapa suwlar we taşlantgylar sebäpli, suwuň hapalanma derejesiniň esasy görkezijisiniň) derejesiniň howpsuzlyk çäginden (100 ml suwda 2500 birlik) ep-esli ýokarydygy görkezildi.


Hasabata görä, Praýagrajyň töweregindäki Gang we Ýamuna derýalarynyň dürli ýerlerinde suwuň hapalanma derejesi howpsuzlyk çäginden, ýagny 1000 birlikden örän ýokary bolup, holera we tif ýaly ýokanç keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini artdyrýardy. Emma Uttar-Pradeşiň baş ministri Ýogi Aditýanath hökümetiň hasabatynyň dogrulygyny ret edip, derýalaryň suwlarynyň howpsuzdygyny öňe sürdi.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Gang derýasyna her gün, takmynan, 3 milliard litr hapa suw akdyrylýar we olaryň diňe bir bölegi derýa ýetmezden öň arassalanýar. Gang derýasynyň şahasy bolan Ýamuna hem zäherli himikatlar we arassalanmadyk hapa suwlar bilen hapalanýar.
Festiwalyň öňüsyrasynda guramaçylar «Ýaşyl Kumbha» atly başlangyjy yglan edip, bir gezek ulanylýan plastmassalaryň gadagan ediljekdigini we sanitariýa howpsuzlygynyň güýçlendiriljekdigini aýdypdylar. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, bu çäreleri doly amala aşyryp bolmady. Sebäbi, dabara meýilleşdirilenden 250 million adam köp gatnaşdy. Adamlaryň sanynyň garaşylandan has köp bolandygy üçin, ekologiýa meseleleri has hem çylşyrymlaşdy.


düýn 22:08
1.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....