Öň «Wolga», indi – «Wolgatti»: Belarusda klassyky Wolgadan V8 hereketlendirijili Bugatti Chiron ýasaldy

  • 01.03.2025 08:15
  • 15k+

Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde adaty GAZ-21 «Wolganyň» binýadynda täsin sport ulagy döredildi. Ulagyň öň tarapy klassyky Wolganyň keşbini saklap galýar, yzky bölegi bolsa Bugatti Chiron-y ýada salýar. Onuň içki gurluşlary, şeýle-de 300 at güýjüni öndürýän V8 hereketlendirijisi BMW E63-den alyndy. Bu täsin gibrid ulag «Wolgatti» diýip atlandyryldy.

Olar bu taslamanyň üstünde 3,5 ýyl bäri işläp gelýärler. Ulagyň gurluşynda çarçuwasyz gapylar, dürli ölçegli tekerler (öňdäkiler 20 dýuýmlyk, arkadakylar 21 dýuýmlyk) we pnewmatiki asma ulgamy bar. Şeýle hem inženerler 100 km/sag tizlige ýetilende, ulagyň saklanmagyna ýardam berer ýaly, yzky spoýler üçin ýörite programma işläp düzüpdirler.
«Wolgattiniň» döredijileri taslamanyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda ulagyň taýýar görnüşdäki bahasy 120 müň dollar (takmynan, 10,5 million rubl) diýlip mälim edildi.








22.06.2026 14:34
2.5k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....