Robert Dauni-kiçi “Ar alyjylar” üçin Doktor Dumuň irki taryhyny ýazýar

  • 08.03.2025 17:34
  • 3.2k+

Robert Dauni-kiçi “Ar alyjylar” filminiň indiki bölüminde diňe bir Doktor Dumuň keşbinde oýnamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň öňki taryhyny hem ýazar. Aktýor “Ar alyjylar: Kyýamat güni” filminde ýerine ýetirýän keşbi üçin onuň öňki taryhyny döretmeklige girişdi. Bu barada režissýorlar Jo bilen Entoni Russo Entertainment Tonight-a beren interwýusynda habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, aktýor bu işe “başybitin berildi” we hatda barlyşyksyz garşydaşyň geýiminiň dizaýnyny saýlamak bilenem hut özi meşgullanýar.
Mart aýynyň başynda “Ar alyjylar: Kyýamat güni” blokbasterine konsept-artlar peýda boldy. Olarda Doktor Dum merkezi şahsyýet boldy. Bir suratda ol tagtda otyr, beýlekisinde bolsa ýesir düşen Rid Riçardy kazyýete çekýär. Onuň gapdalynda Şerif Strenj (Doktor Strenjiň komikslerden alnan alternatiw wersiýasy) we Gara Dul Aýal Ýelena Belowa bar.
Filmiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň maý aýynda bolar. Doganlar Russolar sýužeti häzirlikçe gizlin saklaýarlar, ýöne öň filmiň iki ýarym sagatdan üç sagada çenli dowam edip biljekdigini ýaňzydypdylar.


düýn 07:46
1.2k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....