Salwadorda ýüz keşbini üýtgedýän 2400 ýyllyk gurjaklar tapyldy

  • 08.03.2025 17:16
  • 6k+

Salwadorda piramida gurluşynyň depesinde arheologlar täsin ýüzleri bolan 2400 ýyllyk keramiki gurjaklary tapdy – olaryň ýüz keşbi syn ediş burçuna baglylykda üýtgeýär.

Ilkibaşda alymlar gurjaklaryň gurban etme hökmünde ulanylandygyny çaklady, ýöne artefaktlaryň golaýynda adam galyndylary tapylmady. Indi hünärmenler artefaktlaryň däp-dessurlarda we teatr çykyşlarynda hakyky ýa-da mifiki wakalary gürrüň bermek üçin ulanylandygy baradaky pikiri öňe sürýär.
Live Science bilen söhbetdeşlikde Warşawa uniwersitetinden arheolog Ýan Şimanskiniň gürrüň bermegine görä, tapyndylaryň iň täsin aýratynlygy gurjaklaryň ýüz keşbini üýtgetmegi boldy. Göz derejesinde seredeniňde, olar gaharly, eger ýokardan seretseň – gülümsireýän ýaly, aşakdan bolsa – gorkan ýaly görünýär. Ähtimal, bu aýratynlyk gurjaklary çykyşlarda has täsirli etmek üçin oýlanyp tapylan bolsa gerek.

Üç heýkeliň boýy 30 sm, beýleki ikisiniňki 18 we 10 sm ýetýär. Uly gurjaklarda egin-eşik ýa-da bezeg ýok, kiçi gurjaklarda bolsa saç we gulakhalkalar bar.
Şimanskiniň aýtmagyna görä, öň şeýle artefaktlar ilki ulanylan ýerinde diňe bir gezek – 2012-nji ýylda Gwatemalada tapyldy. Şol gurjaklar b.e.öň 350-100-nji ýyllarda taýýarlanypdyr, Salwadorda tapylanlar bolsa b.e.öň 400-nji ýylda döredilipdir. Bu sebitleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary görkezip biler.
Gynansak-da, Salwadoryň çäklerinde ýewropalylar gelmezden ozal ýaşan halklar barada ylmy gözlegler käbir sebäplere görä kynlaşýar: sebitde dykyz gurluşlar sebäpli gazuw-agtaryş işlerini geçirmek kyn, mundan başga-da, b.e. 400-500-nji ýyllarynda artefaktlaryň köpüsi Ilopango wulkany atylandan soň galyň kül gatlagynyň aşagynda galypdyr. 


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......