Ýewropa kosmosda garaşsyzlyga eýe bolýar: Ariane 6 ilkinji täjirçilik uçuşyny amala aşyrdy

  • 08.03.2025 08:27
  • 1.7k+

6-njy martda Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan Ariane 6 agyr raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşy amala aşyryldy. Raketa uçuş maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirip, Ýewropanyň garaşsyz kosmos missiýalaryna taýýardygyny tassyklady diýip, Ýewropanyň kosmos agentligi habar berdi.

Ariane 6 üçin bu taryhda ikinji we ilkinji täjirçilik uçuşy boldy. Raketa köne Ariane 5-iň ornuny çalyşýar. 2024-nji ýylyň iýul aýyndaky uçuş bölekleýin üstünlikli diýlip hasaplandy: sebäbi raketa göterijisiniň ýokarky basgançagyny hereketlendirijileriň işlemändigi sebäpli orbitadan çykarmak başartmady. Täze uçuş 2024-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirildi, ýöne ol diňe häzir amala aşyryldy.
Ilkibaşda uçuş 3-nji martda geçirilmelidi, ýöne uçuş meýdançasyndaky ýerüsti enjamlaryň doly taýýar däldigi sebäpli, onuň möhleti yza süýşürildi.
6-njy martda raketa CSO-3 hemrasyny 800 kilometrlik orbita çykardy we şonuň bilen Fransiýanyň Harby-howa güýçleri üçin üç sany şeýle enjamdan ybarat toparyň emele gelmegini tamamlady.

“Bu uçuş – yzygiderli Ariane 6 missiýalarynyň başlangyjy” – diýip, agentlik belledi. 2025-nji ýylda ýene dört uçuş, şol sanda iki tizleşdirijiniň deregine dört tizleşdirijili uçuş meýilleşdirilýär.

Ariane 6 raketasy kosmos uçuşlary meselesinde Ýewropanyň ABŞ-a garaşsyzlygyny azaltmagyna kömek eder – häzir Ýewropa enjamlaryny kosmosa çykarmak üçin SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketalary ulanylýar.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

09.05.2026 15:30
2.6k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......