Toyota Prado we Lexus GX Awstraliýada howpsuzlyk ýassygy sebäpli yzyna çagyrylmaga degişli edildi

  • 07.03.2025 22:56
  • 7.2k+

Toyota-nyň Awstraliýadaky bölümi 2024-nji model ýylynyň 552 awtoulagyny: 524 sany Toyota Prado-ny we 28 sany Lexus GX-y yzyna çagyrylmaly etdi. Kompaniýanyň habar bermegine görä, munuň sebäbi sürüjiniň howpsuzlyk ýassygynyň näsazlygy bilen baglydyr.

Mesele goşmaça enjamyň - elektrik tormoz dolandyryjysynyň nädogry oturdylmagy bilen baglanyşykly.
Ýalňyşlyk kebşirleme mahalynda ýüze çykypdyr. Käbir ýagdaýlarda howpsuzlyk ýassygynyň aşaky bölegi ýeterlik derejede çekdirilmändir. Bu heläkçilik ýüze çykanda howpsuzlyk  ýassygynyň nädogry işlemegine getirip, sürüjä şikes ýetmek howpuny ýokarlandyryp biler.
Toyota-yň wekilleri eýýäm bu topara degişli ulaglaryň eýeleri bilen habarlaşmaga taýynlanýar. Olara resmi hyzmat merkezlerine baryp, ulagyny barlatmak teklip ediler. Şol ýerde hünärmenler howpsuzlyk ýassygyny mugt barlar we kemçilik tapylsa, ony düzedip berer.


düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.8k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......