Windows 11-de emeli aňly mugt “Bloknot” peýda boldy

  • 07.03.2025 17:18
  • 1.6k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11-iň “Bloknotynda” (Notepad) operasion ulgamyň ähli ulanyjylary üçin Rewrite with AI funksiýasyny elýeterli etdi. Bu funksiýa emeli aňyň kömegi bilen tekstiň stilistikasyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär diýip, Windows Latest habar berýär.

ChatGPT-ä esaslanýan Rewrite with AI funksiýasy ozal diňe ABŞ-dan beta-synagçylar üçin elýeterlidi. Indi kompaniýa täzelenmäni bütin dünýä ýaýradyp başlady. Funksiýa 11.2412.16.0 wersiýaly “Bloknota” girizildi, ýöne onuň ähli ulanyjylarda peýda bolmagy üçin birneme wagt gerek bolar.
Bellenilişi ýaly, bu guralyň mümkinçilikleri Copilot-dan yza galýar.
Rewrite with AI funksiýasy Microsoft 365-de ýazylyşyksyz elýeterli, ýöne aýda funksiýadan peýdalanmagyň bellibir çägi bar. Çäksiz elýeterlilik almak üçin goşmaça töleg tölemeli. Şeýle ýörelge Copilot üçin hem hereket edýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......