Özbek talyby gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň usulyny işläp taýýarlady

  • 07.03.2025 16:11
  • 6.1k+

Arhangelskdäki Demirgazyk Arktika Federal uniwersitetiniň (SAFU) aspiranty, özbegistanly Ismoil Sodikow gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Barlagy üçin çig maly ol watanyndan getirdi diýip, ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Sodikow sellýulozanyň islendik süýümli çig maldan öndürilip bilinjekdigini düşündirdi.

“Men öz ýurdumda gowaça çöpünden iri zawodlaryň gurulmagyny talap etmeýän kagyz önümçiligini ösdürmek we karton üçin çig mal öndürmekde wagtal-wagtal gaýnatmak tehnologiýasyny ulanmak pikirine geldim. Biziň ýurdumyzda sellýuloza-kagyz senagaty Arhangelskdäki we umuman Russiýadaky ýaly görnüşde bolup bilmez, sebäbi bizde tokaý ýok, ýöne gowaçanyň çig mal gymmatlygy hem agajyň köp görnüşleriniňkiden kem däl. Gowaça çöpünden süýümli ýarym taýýar önümleri almak we ýurduň kagyz zerurlygyny bölekleýin ýapmak arkaly kagyz öndürip bolýar "- diýip, uniwersitet Sodikowyň sözlerini getirýär.

Gowaça çöpünden kagyz ýasamak, köplenç, ekin meýdanlarynda galýan ösümlik materialyny gaýtadan işlemek meselesini çözmäge kömek edýär. Gowaça çöpi ýa-da çaňňalak mallary ýylatmak ýa-da iýmitlendirmek üçin ulanylýar. Täze usul ony karton we kagyz üçin çig mal görnüşinde  gaýtadan işlenmäge mümkinçilik berer.


şu gün 11:09
398

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......