SpaceX Starship raketasynyň sekizinji synag uçuşy-da şowsuz boldy: raketa atmosferada ýaryldy

  • 07.03.2025 15:21
  • 3.6k+

Starship kosmos gämisiniň prototipiniň sekizinji synag uçuşy şowsuz tamamlandy.

Birnäçe gezek ulanmak üçin niýetlenen Super Heavy tizleşdirijisi uçuş toplumyna üstünlikli gaýdyp geldi we Mechazilla gurluşy tarapyndan tutuldy. Ýöne Starship kosmos gämisiniň özi, ähtimal, ýangyn we soňraky hereketlendirijileriň ýarylmagy sebäpli ýumruldy.
Raketa Boka-Çikadaky (Tehas ştaty) Starbeýs kosmodromyndan uçuryldy. Uçuşdan, takmynan, 10 minutdan soň Starship-iň ikinji basgançagy bilen aragatnaşyk ýitdi. 145 km belentlikde Starship pyrlanyp başlady we soňra atmosferada ýandy.
Kosmos gämisiniň döwük bölekleriniň aşak gaçyşy köp sanly wideolara düşürildi.

“Starship-iň uçuş wagty meýilnamadan daşary tiz dargama bolup geçdi we onuň bilen aragatnaşyk ýitdi. Biziň toparymyz meýilleşdirilen duýdansyz ýagdaýlara jogap beriş çärelerini amala aşyrmak üçin howpsuzlyk boýunça jogapkärli adamlar bilen dessin hereket edip başlady. Biz munuň düýp sebäbine has gowy düşünmek üçin şu günki uçuş synagyndan alnan maglumatlary gözden geçireris. Hemişekisi ýaly, üstünlik öwrenen zatlaryňdan gelýär, şu günki uçuş hem Starship-iň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça sapak berer” – diýip, SpaceX belledi.

Floridada kosmos gämisiniň döwük bölekleriniň aşak gaçmagy bilen baglylykda wagtlaýyn dört howa menzili ýapyldy – Maýamide, Ford-Loderdeýle, Orlandoda we Palm-Biçde.
Belläp geçsek, ýanwar aýynda Starship-iň ýedinji synag uçuşy hem şowsuz tamamlanypdy: raketanyň ikinji basgançagy orbita çykyp bilmedi we Starship uçuş wagty partlady. Şol bir wagtyň özünde Super Heavy raketa göterijisi uçuş toplumyna üstünlikli gaýdyp geldi.


şu gün 00:18
298

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......