Samsung MWC 2025-de täze OLED täzeliklerini görkezdi: 500 Gs monitor we 5000 kd/m² paneller

  • 07.03.2025 06:13
  • 2.2k+

Samsung Display Barselonada (Ispaniýa) geçirilen Mobile World Congress (MWC) 2025 sergisine birnäçe innowasion OLED tehnologiýalary bilen gatnaşdy. Olaryň arasynda 500 Gs täzeleniş ýygylygy bolan QD-OLED monitor we 240 Gs OLED noutbuk paneli bar.

Iň köp üns çeken enjam – 27 dýuýmlyk 500 Gs QD-OLED monitor boldy. Bu enjam oýunçylar üçin örän çalt täzeleniş tizligini, ýokary derejeli duýgurlygy we oýunlarda baý reňkleri üpjün edýär.
Koreý metbugatyna görä, bu monitor barada 2024-nji ýylyň noýabr aýynda gürrüň edilip başlanan eken. Indi bolsa, MWC-de görkezilmeginden soň, gysga wagtda bazara çykmagyna garaşylýar.
Şeýle-de Samsung On-Cell Film (OCF) tehnologiýasyna esaslanýan OLED panellerini hem hödürledi. Bu tehnologiýa displeýlerdäki polýarizator hökmanylygyny aradan aýyrýar, ýagtylygy 1,5 esse artdyrýar, energiýanyň sarp edilişini peseldýär we ekranlary 20% inçeldýär. Netijede, OCF panelleri öňki nesiller bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 63% energiýa ulanýar we ekranyň 10%-de 5000 kd/m² derejede ýokary ýagtylyk berýär.
Bu tehnologiýa öň Galaxy Z Fold 3-de ulanylypdy. Indi bolsa, Samsung ony smartfonlara, akylly sagatlara we noutbuklara giňden ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.


düýn 20:11
984

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......