Apple M3 çipli täzelenen iPad Air-i we 11-nji nesil esasy iPad-i hödürledi

  • 06.03.2025 23:59
  • 1.1k+

Apple 11 we 13 dýuýmlyk ekrany bolan täzelenen iPad Air planşetleriniň täze görnüşlerini tanyşdyrdy.

Täze modeller 8 prosessor ýadrosy, 9 grafiki ýadrosy we 16 ýadrosy bolan NPU bilen enjamlaşdyrylan Apple M3 çipsetini aldy. Bu çip öňki M2 modeliniň ornuny tutýar we 2022-nji ýylyň modellerinde ulanylan M1 çipinden iki esse güýçlüdir.
Emma çipden galan beýleki tehniki häsiýetler üýtgemedi. Operatiw ýat 8 GB, kameralar bolsa 12 MP bolup galdy. Ekranyň täzeleniş ýygylygy öňküsi ýaly 60 Gs, şeýle hem USB Type-C porty, Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3 goldawyny saklap galdy. Şonuň ýaly-da güýç düwmesinip içine ornaşdyrylan Touch ID hem bar.


Täze modelleriň reňk görnüşleri hem öňküsi ýaly galdy: Space Gray, Purple, Blue we Starlight. Mundan başga-da ulanyjylar uly trekpadly täzelenen Magic Keyboard klawiaturasyny satyn alyp bilerler.
11 dýuýmlyk iPad Air (2025) diňe Wi-Fi we 128 GB içerki ýat bilen 599 dollar bahadan, LTE görnüşi bolsa 749 dollardan hödürlenýär.
13 dýuýmlyk iPad Air (2025) modeli Wi-Fi we 128 GB içerki 799 dollar bahadan, LTE görnüşi bolsa 949 dollardan elýeter bolar.
Täzelenen Magic Keyboard klawiaturasynyň bahasy 11 dýuýmlyk iPad Air üçin 269 dollar, 13 dýuýmlyk iPad Air üçin bolsa 319 dollar bolar.
Şeýle hem kompaniýa iki ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek täze esasy iPad modelini çykardy.
Air modellerinden tapawutlylykda, 11-nji nesil esasy iPad Apple Intelligence bilen gelmeýär, ýöne öňki modelden has arzan. Täze model täzelenen A16 çipi esasynda gurlup, «iki esse köp başlangyç içerki ýady» – 128 GB hödürleýär.
Model dürli reňklerde elýeterli bolar, şol sanda gök, gülgüne, sary we kümüş reňklerde. Planşetiň başlangyç bahasy 349 dollar.
Öňünden sargyt etmek mümkin. Planşetler şu ýylyň 12-nji martynda satuwa çykar.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...