TCL premium telewizor satuwy boýunça ilkinji gezek LG-ni geçdi

  • 06.03.2025 23:43
  • 2.8k+

TCL kompaniýasy premium telewizor satuwy boýunça taryhda ilkinji gezek ikinji orna çykyp, LG-ni yzda galdyrdy. Counterpoint Research-iň maglumatlaryna görä, hytaýly Hisense we TCL brendleri bazardaky paýlaryny işjeň artdyryp, düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän tehnologiýa ägirtleri LG we Samsung-yň ornuny peseldýär.

2022-nji ýylda TCL eýýäm umumy telewizor iberilişi boýunça LG-ni geçipdi. 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde Samsung liderligini saklap galdy, TCL bolsa ikinji orny berkitdi, şol bir wagtyň özünde LG dördünji orna düşdi.
2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde global telewizor bazary bary-ýogy 2% ösdi, ýöne premium modelleriň satuwy artdy. Munuň sebäbi bolsa, ösen tehnologiýalary modellere bolan islegiň ýokarlanmagydyr.

«QD-MiniLED, QD-LCD, NanoCell, LCD 8K, QD-OLED, WOLED we MicroLED ýaly premium modelleriň iberilişi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 51% ösdi we taryhy taýdan iň ýokary derejesine ýetdi. Umuman, 2024-nji ýylda premium telewizorlaryň iberilişi 38% ýokarlandy» — diýip, Counterpoint Research belleýär.

Samsung-yň bu pudakdaky paýy 12% azaldy we 29% boldy, TCL bolsa premium modelleriň iberilişini iki esse artdyrdy.
Şeýle-de bolsa, «premium telewizor» düşünjesiniň entek anyk kesgitlenmeýändigini bellemek gerek. Sebäbi orta derejeli modelleriň käbiri-de premium hökmünde öňe sürülýär. Şonda-da MiniLED telewizorlaryna bolan isleg ýokarlanmaga dowam edýär we olaryň satuwy ýyllyk hasaplama boýunça 170% artdy.
Şeýle-de Samsung-yň telewizor önümçiliginde dünýä boýunça iň uly öndüriji bolmagynda galýandygyny we bu derejesini 19 ýyl bäri saklap gelýändigini bellemek möhümdir. Gymmat bahaly telewizor bazarynda (2500 dollardan ýokary) Samsung 49,6% bazar paýyna eýe, 75 dýuýmdan uly ekranly telewizor pudagynda bolsa 28,7%-lik paýy saklaýar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...