Özbegistan ýanwar aýynda dünýäde iň uly altyn satyn alyjysy boldy

  • 06.03.2025 17:38
  • 8.1k+

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan merkezi banklaryň arasynda iň uly altyn satyn alyjysy boldy. Bütindünýä altyn geňeşiniň maglumatlaryna görä, ýurduň Merkezi banky 8,1 tonna altyn satyn aldy.

Netijede, ýurduň altyn ätiýaçlyklary tas 391 tonna çenli ýokarlandy, bu bolsa umumy ätiýaçlyklaryň 82%-ine deňdir.
Şeýle-de, ýanwar aýynda öňdebaryjylaryň üçlügine Hytaý we Gazagystan girdi, olar öz ätiýaçlyklaryny, degişlilikde, 5 we 3,8 tonna artdyrdy. Altyn ätiýaçlygyny işjeň artdyran beýleki ýurtlaryň arasynda Polşa (3,1 tonna), Hindistan (2,8 tonna), Çehiýa (1,7 tonna) we Katar (1,3 tonna) hem bar.
Şol bir wagtyň özünde, ýanwar aýynda öz altyn ätiýaçlyklaryny Russiýa (3,1 tonna), Iordaniýa (3 tonna) we Gyrgyzystan (1,9 tonna) azaltdy.
Altynyň gymmatlamagy netijesinde, Özbegistanyň halkara aktiwleri 1,72 mlrd dollar ýokarlanyp, 35 mlrd dollardan geçdi. Geçen ýyl ýurt 12 tonna altyn satyp, satuw boýunça lider boldy.
Altyn, adatça, ykdysady durnuksyzlyk şertlerinde ygtybarly aktiw hasaplanýar. Ätiýaçlykda onuň paýynyň artdyrylmagy walýuta hümmetiniň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga kömek edýär.


02.02.2026 00:53
2.5k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

29.01.2026 15:36
2.5k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

30.12.2025 16:22
6.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...

19.12.2025 18:17
10k+

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň duşuşygy geçirildi

16-njy dekabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň habar berdiler. Duşuşyga Özbegistanyň...