Kianu Riwz “Jon Uik 5-iň” hiç wagt çykmajakdygyny aýtdy

  • 06.03.2025 15:30
  • 5.4k+

Kianu Riwz muşdaklaryna Jon Uik gahrymanynyň baş keşpde filmlerde ýa-da onuň franşizanyň beýleki filmlerinde peýda bolmagyna garaşyp oturmazlygy aýtdy. Extra neşiri bilen söhbetdeşliginde ol gahryman Jon Uigiň indi ekranda görünmejekdigini mälim etdi.

“Uikiň” äleminiň geljegi barada soralanda, Riwz: "Wakalary Jon Uigiň dünýäsinde bolup geçýän “Baletçi gyz” atly wersiýa bar ahyryn, onda Uik sähel wagtlyk görünýär. Başga bu barada bilýän zadym ýokdur" diýip, ol aýtdy.

Riwz gahrymanyň gaýdyp geljegine bolan umydy dargatdy we muşdaklardan boş umytlara aldanmazlygy haýyş etdi.
Aktýor: "Gahryman öldi. Ol “Jon Uik 4-de” ýogaldy. Golliwudda edip biljekdigiňizi bilýän ... Hawa, dogry, bu Golliwudyň wakasy. Ýöne bu gezek däl " - diýip ol aýtdy.
Muňa garamazdan, Jon Uigiň älemi ýaýbaňlanmagyny dowam etdirýär. 6-njy iýunda Ana de Armasyň baş keşbi janlandyrmagynda “Baletçi gyz” atly spin-off-y dünýä prokatyna çykar.
Şol bir wagtda Kianu Riwz 2005-nji ýylda surata düşürilen “Konstantin” filminiň sikwelindäki Jon Konstantiniň keşbine gaýdyp barmaga taýynlanýar. DC studiýasy dowamy üçin edebi esasa garaşýar.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......