Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde iki aýyň jemlerini jemledi

  • 06.03.2025 07:40
  • 12k+

5-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerina bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýtdy.
Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.


şu gün 12:31
729

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
338

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......