Öňünden sargytlaryň ilkinji günlerinde iPhone 16e üçin isleg örän pes boldy

  • 06.03.2025 07:30
  • 2.2k+

600 dollarlyk iPhone 16e smartfony öňünden sargyt döwri o diýen üns çekmedi. Bu barada Apple Store wekilleriniň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi.

Käbir dükanlarda iPhone 16e üçin bary-ýogy onlarça öňünden sargyt hasaba alyndy, bu bolsa seriýanyň beýleki modelleri bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. iPhone 16-nyň adaty wersiýalary satuwa çykarylan ilkinji güninde her dükkanda birnäçe ýüzden müňe çenli öňünden sargyt toplapdy.
Gurman iPhone 16e modeline bolan islegiň beýleki enjamlar bilen deňeşdirilende onlarça esse pesdigini belledi.
Käbir hünärmenleriň pikirine görä, iPhone 16e modeline bolan pes gyzyklanma onuň başga bir müşderi topary üçin elýeterli alternatiwa hökmünde ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biler. Enjam satuwa çykarylandan soň, oňa bolan islegiň artmagy hem ähtimal.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...