Toyota Land Cruiser yzygider 4-nji gezek Ýaponiýada iň köp ogurlanýan awtoulag boldy

  • 05.03.2025 16:03
  • 9.5k+

Toyota Land Cruiser eýýäm dördünji ýyl bäri Ýaponiýada iň köp ogurlanýan awtoulag bolmagynda galýar. 2024-nji ýylda ýurtdaky ähli ulag ogrulyklarynyň 27,5%-i şu modele degişlidir, bu 2023-nji ýyldaky görkezijiden iki esse köpdür (383 gezek, 14,7%) diýip, Carscoops habar berýär.

Ýurtda iň köp ogurlanýan 10 awtoulagyň sanawy tutuşlygyna Toyota bilen Lexus modellerinden ybarat. Ikinji ýerde Toyota Alphard miniweni (289 gezek), üçünji ýerde Toyota Prius gibrid (235 gezek) durýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Lexus LX SUV bilen Lexus RX krossoweri girdi.
Şeýle hem ilkinji onluga Toyota Crown, Hiace, Vellfire, Lexus LS we Toyota Voxy girdi. Ilkinji onlugy jemlän Voxy bir ýylda 21 gezek ogurlandy.
2024-nji ýylda Ýaponiýada jemi 2500 töweregi awtoulag ogrulygy hasaba alyndy.


şu gün 08:16
114

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......