Saud Arabystany «Oksagon» ýüzýän şäheriniň taslamasyna uly üýtgeşmeleri girizdi

  • 05.03.2025 11:06
  • 8.2k+

Saud Arabystany Gyzyl deňziň kenarýakasynda gurulýan «Oksagon» atly ýüzýän port şäheriniň taslamasyna uly üýtgeşmeleri girizdi. Bu şäher indi diňe bir möhüm ulag merkezi bolman, eýsem senagat we maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde hem çykyş eder diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Oksagon her ýyl 12 million TEU-a çenli konteýner ýüklemegi we düşürmegi başarar, bu köp sanly iri portlaryň umumy ýük dolanyşygyndan ep-esli ýokarydyr. Bu maksada ýetmek üçin, kenara ýakyn kanallar 550 metr giňeldilip, 19 metr çuňlaşdyrylar.
Logistika işlerini has netijeli gurnamak üçin, emeli aň bilen dolandyrylýan awtomatlaşdyrylan ulgamlardan we özbaşdak işleýän ulaglardan peýdalanylar. Mundan başga-da gämi duralgasynda demir ýol ulgamy hem gurlar.
Şeýle-de şäher Gün we ýel energiýasy bilen işleýän stansiýalaryň kömegi bilen, arassa energiýa öndürýän merkeze öwrüler hem-de uly göwrümli maglumat işleýiş merkezini öz içine alar.




29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...