Antarktidanyň buzlarynyň eremegi Ýeriň esasy umman akymyny haýalladar

  • 05.03.2025 06:06
  • 6.1k+

Awstraliýaly alymlar Antarktidanyň buzlarynyň eremeginiň 2050-nji ýyla çenli Antarktidanyň sirkumpolýar akymynyň (ASA) 20% haýallamagyna sebäp boljakdygyny anykladylar. Barlagyň netijeleri Environmental Research Letters žurnalynda çap edildi.

ASA uzynlygy 30 müň km-e we ini 2,5 müň km-e çenli bolan güýçli umman akymydyr. Ol Atlantika, Ýuwaş we Hindi ummanlaryny birleşdirýär hem-de Ýeriň howasynda möhüm rol oýnaýar.
Barlagçylar Antarktidanyň buz tekjelerinden çykýan erän suwlaryň mukdary bilen ASA-nyň haýallaşmagynyň arasynda anyk baglanyşyk tapdylar. Erän suwlar, akymyň tizligine täsir etmek bilen, umman suwunyň dykyzlygyny üýtgedýär.
Melburun uniwersitetinden barlagyň şärikdeş awtory Bişahdatta Gaýen muny "juda alada goýýan" ýagdaý diýip atlandyrdy. ASA ummanyň ýylylygyna we kömürturşy gazyny özüne siňdirişine täsir edýär we ýyly suwlaryň Antarktida düşmeginiň öňüni alýar.

“Umman diýseň çylşyrymly we ynjyk deňagramlylyk. Eger ummanyň bu hereketlendirijisi bozulsa, howanyň üýtgemeginiň tizleşmeginiň käbir sebitlerde adatdan daşary hadysalaryň ýüze çykmagy bilen utgaşmagy we ummanyň uglerody siňdiriji hökmünde hereket etmek ukybynyň peselmegi sebäpli, ählumumy maýlamagyň çaltlaşmagy ýaly çynlakaý netijelere garaşyp bolar "- diýip, Gaýen düşündirýär.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......