Oukitel dünýäde ilkinji bolup fitnes bilezigini smartfona oturtdy

  • 04.03.2025 14:51
  • 6.2k+

Hytaýyň Oukitel kompaniýasy özboluşly aýratynlygy – oturdylan fitnes bilezigi bolan WP200 Pro smartfonyny hödürledi.

Aksessuar uly tegelek kameralar blogunyň ortasynda ýerleşýär. Ol smartfonyň korpusyna oturdylan ýagdaýynda, diňe wagty görkezýär. Ýöne ony aýryp, eline daksa, ulanyjy ädimini, pulsy we ganda kislorodyň derejesini yzarlap biler. Bilezik zarýady gönüden-göni smartfonyň akkumulýatoryndan alýar.
Fitnes bilezigi egrem görnüşli dinamika bilen üpjün edildi, bu hem ony gulagyňa dakyp, Bluetooth garniturasy hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Smartfon bilen bilezik awtomatik ýagdaýda baglanyşýar.
WP200 Pro-nyň korpusy IP69K we MIL-STD-810H ülňüleri boýunça suwdan, tozandan, ýere gaçmakdan we aşa temperaturalardan goraglydyr.

Gurluşyň aýratynlyklary:

  • ·Ekran: 6,7 dýuým, AMOLED, 1080x2412, 394 ppi, 120 Gs, Gorilla Glass 5;
  • ·Prosessor: MediaTek Dimensity 8200 (3,1 GGs);
  • ·Ýat: 24 GB operatiw LPDDR5, 1 TB hemişelik UFS 3.1;
  • ·Batareýa: 8800 mA/sag, çalt zarýad beriş 45 Wt;
  • ·Kameralar: esasy 108 Mp, makro 2 Mp, çuňluk sensory 0,3 Mp, frontal 32 Mp.
  • ·OS: Android 15;
  • ·Göwrümi: 63,6 x 77,85 x 13,7 mm, agramy 311 g.

Goşmaça aýratynlyklaryň arasynda NFC, stereodinamikalar we ekranasty barmak yzynyň skaneri bar.
WP200 Pro-nyň bahasy heniz yglan edilmedi, ýöne ol üç gurluşy: smartfony, bilezigi we garniturany bir gurluşda jemleýändigi üçin öz “deň-duşlaryndan” gymmat bolup biler.

düýn 23:12
1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......