ABŞ-da ilkinji kriptosammit geçiriler we ýurduň kriptoätiýaçlygy dörediler

  • 04.03.2025 12:14
  • 5.5k+

7-nji martda Ak tamda taryhda ilkinji kriptowalýuta sammiti geçiriler. Bu wakanyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iş toparyna kriptowalýutalaryň strategiki ätiýaçlygyny döretmegi tabşyrdy. Bu ätiýaçlyk XRP, SOL, ADA kriptowalýutalaryny, bitkoini we Ethereum-y öz içine alar. Bu barada ol Truth Social sosial ulgamynda habar berdi.

Ol ABŞ-nyň “dünýäniň kriptopaýtagtyna” öwrülmelidigini belledi.
7-nji maýda Ak tamda geçiriljek ilkinji kriptosammitde Trampyň özi çykyş eder. Çäräniň guramaçysy Prezidentiň emeli aň we sanly aktiw boýunça iş topary bolar. Sammite toparyň başlygy Dewid Saks ýolbaşçylyk eder, ýerine ýetiriji müdir Bo Haýns ony guramak bilen meşgullanar.
Bu çäre Tramp tarapyndan prezidentliginiň ilkinji hepdesinde gol çekilen 14178-nji permana laýyklykda geçiriler. Resminamada sanly aktiwleri goldamak we olary ykdysasyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak barada aýdylýar.
Heniz saýlawdan öňki kampaniýada Tramp kriptowalýutalar bilen dostlaşjak ilkinji Prezident bolmaga wada beripdi.
Kriptojemgyýet sammit baradaky habary oňyn kabul etdi. CryptoPulse blokçeýn kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sara Jennings, eger häkimiýetler sanly aktiwleriň düzgünleşdirilmegine aýdyňlyk girizse, duşuşygyň “oýnuň düzgünini üýtgedip biljekdigini” belledi.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......