Zendeýa Louis Vuitton-yň täze kolleksiýasynyň ýüzi boldy

  • 04.03.2025 12:10
  • 4.6k+

Louis Vuitton ýaponiýaly hudožnik Takasi Murakami bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze kolleksiýasynyň mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň ýüzi aktrisa Zendeýa boldy diýip, Hypebae habar berýär.

Kolleksiýada 200-den gowrak predmet: ýantorbalar, ýüpek şarflar, Günden goraýjy äýnekler, krossowkalar, atyr we hatda skeýtbord hem bar. Dizaýnyň esasy aýratynlygy Murakaminiň stilini görkezýän ýylgyrýan sakura gülleri boldy.
Kolleksiýanyň çykjak senesi häzirlikçe belli däl.
Moda öýi ýaponiýaly hudožnigiň Zendeýa döredijilik hyzmatdaşlygyny teklip edip, hat ugradýan wideosyny hem hödürledi.

Louis Vuitton bilen Murakaminiň hyzmatdaşlygy 2002-nji ýylda başlady. Şol wagt kompaniýanyň döredijilik müdiri Mark Jeýkobsdy. Şonda brend ilkinji gezek nepisligi pop-art bilen birleşdirdi, netijede bu moda hadysasyna öwrüldi.
Zendeýa bilen täze kampaniýa hem sungat bilen modany birleşdirip, bu däbi dowam etdirýär.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....