OpenAI wideo ýasaýan Sora generatoryny ChatGPT-ä ornaşdyrmak isleýär

  • 04.03.2025 11:32
  • 1.1k+

OpenAI "Sora" wideo generatoryny ChatGPT-ä ornaşdyrmak barada meýillerini yglan etdi. Muny Sora önümleriniň ýolbaşçysy Rohan Sahai Discord-da onlaýn-duşuşyk mahalynda mälim etdi.

Şeýle hem kompaniýa Sora üçin aýratyn ykjam programma açmagy we şekil döretmek mümkinçiliklerini giňeltmegi göz öňünde tutýar. Sora häzirki wagtda 20 sekunt dowamlykdaky wideolary döredýär we diňe dekabr aýynda işe girizilen web programmasy arkaly elýeterlidir.
Sora ozal hünärmenler üçin niýetlenipdi, ýöne OpenAI indi muňa has giň köpçüligi çekmek isleýär. Sahai birleşdirmek boýunça işleriň eýýäm alnyp barylýandygyny, ýöne işläp başlajak senesiniň entek belli däldigini aýtdy.
Surat döretmek barada aýdylanda bolsa, ChatGPT eýýäm DALL-E 3 modeli bilen bu funksiýany goldaýar, ýöne Sora esasly täze wersiýa has ýokary we hakyky hili hödürläp biler.
ChatGPT-iň Sora wersiýasy ýönekeýleşdirilip bilner, sebäbi ChatGPT ilkibaşda tekste esaslanýan gural bolmalydy.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......