“Biçak baý aziýalylar” filminiň esasynda serial düşüriler

  • 04.03.2025 06:47
  • 5.4k+

Max akym hyzmaty “Biçak baý aziýalylara” esaslanýan serialyň surata düşüriljekdigini bildiriş etdi. Taslama 2018-nji ýyldaky film uýgunlaşmasynyň ssenariýeçisi Adel Lim ýolbaşçylyk eder diýip, Deadline habar berýär.

Bu serial singapurly ýazyjy Kewin Kwanyň Aziýanyň elitasynyň durmuşy baradaky kitaplarynyň has giňeldilen görnüşdäki film uýgunlaşmasy bolar. Şouranner, ýerine ýetiriji prodýuser we filmiň edebi esasyny ýazanlaryň biri Adele Lim “Biçak baý hytaý gyzy”, “Biçak baý aziýalylaryň kynçylyklary” we “Ýalan we toýlar” romanlaryna esaslanar.
Kewin Kwan we asyl filmiň režissýory Jon M. Çu ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş eder. Önümçilige Color Force (“Açlyk oýunlary” bilen tanalýar) we SK Global kompaniýalary jogapkär bolar. Topar işjeň ýagdaýda ssenariçiler toparyny döredýär, ýöne filmiň surata düşüriljek senesi we ilkinji gezek görkeziljek wagty entek aýan edilmedi.
2018-nji ýyldaky film hakyky hit bolupdy. 30 million dollarlyk býujet bilen döredilen film dünýäde 238 million dollar gazanyp, Golliwudyň Aziýa temaly sýužetlerine täze ruh berdi. Bu serial Kwanyň Singapurdaky, Gonkongdaky we Şanhaýdaky biçak baý adamlaryň dünýäsini teýene bilen has giňişleýin açjakdygyny wada berýär.
Asyl filmde Jemma Çan, Mişel Ýeo, Niko Santos, Ronni Çen, Jimmi O. Ýan, Ken Çon, Akwafina we Liza Lýu surata düşdi. Çeşmeler aktýorlaryň käbirini gaýtaryp getirmek barada eýýäm gepleşikleriň geçirilýändigini, emma sýužet we keşpler barada jikme-jiklikleriň häzirlikçe gizlin saklanýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde filmiň doly sikwelini taýýarlamak işi hem dowam etdirilýär.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......