BAE-de türkmen tennisçileriniň Dubaýda ATP 500 ýaryşyna gatnaşmagy maslahatlaşyldy

  • 03.03.2025 16:17
  • 6.6k+

Dubaýda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusup Al Marzukiniň duşuşygy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmen türgenleriniň indiki ýylda geçiriljek ATP 500 Dubai Duty Free Tennis Championship ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi - duşuşygyň esasy temasy boldy.
Şu ýyl bu ýaryşyň ýeňijisi finalda kanadaly Feliks Ože-Aliassimi ýeňen gresiýaly tennisçi Stefanos Sisipas boldy.
E.Döwletow bilen Al Marzuki öz ýurtlarynda tennis sportynyň ösüşi, bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilmegi, sport psihologlarynyň taýýarlanylmagy hem-de çalt depginde ösýän padel-tennis boýunça mümkinçilikler baradaky meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
BAE-niň Tennis federasiýasynyň baş sekretary “Ashgabat Open 2024” ýaryşynda BAE-niň toparyna görkezilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn belläp geçdi.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......