Hytaýyň Tecno brendi örän inçe Spark Slim smartfonyny görkezdi

  • 03.03.2025 16:07
  • 8.5k+

Hytaýyň Tecno kompaniýasy örän inçe korpusy bilen tapawutlanýan Spark Slim konseptual smartfonyny anons etdi. Onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,75 millimetr bolar. Täze smartfon 3-nji martdan 6-njy mart aralygynda Barselonada geçirilýän MWC 2025 sergisinde “janly” görkeziler.

Bu smartfon bilen deňeşdirilende ýogynlygy 8,25 mm bolan iPhone 16 Pro “semiz” görünýär. Şol bir wagtyň özünde, işläp düzüjiler inçeligiň bähbidine akkumulýatordan geçmedi – smartfon 5200 mA/sag sygymly doly derejeli akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. Tecno munuň şeýle batareýa eýe bolan iň inçe smartfondygyny belleýär.
Rekord derejede inçelik ýörite “gysylan” batareýanyň ulanylmagy bilen gazanyldy. Akkumulýator batareýasynyň öz galyňlygy bary-ýogy 4,04 mm barabar. Telefonyň agramy häzirlikçe belli däl.
Smartfonyň beýleki aýratynlyklary:

  • Ekran: 6,78 dýuým, AMOLED, Full HD (1224p), 144 Gs, ýagtylygyk 4500 nite çenli;
  • Prosessor: 8 ýadroly, model belli däl;
  • Ýat: belli däl;
  • Kameralar: esasy 50 Mp, frontal 12 Mp;
  • Batareýa: 5200 mA/sag, çalt zarýad beriş 45 Wt.
  • OS: Android 15.

düýn 11:17
4.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....