Rus alymlary rak keselini irki döwründe ýüze çykarmak üçin synag işläp taýýarladylar

  • şu gün 15:46
  • 2.2k+

Ural Federal uniwersitetiniň (UrFU) barlagçylary ganyň düzümini barlamak arkaly rak keselini irki döwründe anyklamaga mümkinçilik berýän test ulgamyny ulgamyny döretdiler. Häzirki wagtda ony peşew mäziniň rak keselini anyklamak üçin synagdan geçirýärler diýip, uniwersitetiň ylmy aragatnaşyklar bölümine salgylanýan TASS habar berýär.

“Anyklaýyş barlaglaryndan lukmançylyk barlagy wagtynda ýa-da analiz tabşyryp, özbaşdak, geçip bolar. Ulgam molekulýar markerleri seljerýär we netijesi bar bolan beýleki barlaglardan has ýokary bolup, anyk we ygtybarlydyr" - diýip habarda aýdylýar.

Işläp taýýarlaýyş keseliň irki döwürlerine häsiýetli metaboliki biomarkerleriň üýtgemelerini kesgitleýär. Alymlar ony aşgazan-içege we öýken kesellerini anyklamak üçin ulanylýan, ýöne rak keselini irki döwründe ýüze çykarmaga ýaramsyz, gaz hromatografiýasyna esaslanýan synag ulgamy bilen deňeşdirýärler.
Barlagçylar ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmegi hem-de çişleriň tapgyrlaryny we agressiwligini kesgitlemegi öwretmegi meýilleşdirýärler. Synagyň 2027-nji ýyla çenli bazara çykmagyna garaşylýar.
Bu iş Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň goldawy bilen 2030-njy ýylyň “Prioritet-2030” maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar. Taslama Ural Federal uniwersitetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ural şahamçasynyň Immunologiýa we fiziologiýa institutynyň, Rospotrebnadzoryň "Wirus" ylmy-barlag institutynyň we Saratowyň W. I. Razumowskiý adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary gatnaşýar.


şu gün 06:05
3.8k+

Hytaýly inženerler daşky gurşawa uýgunlaşyp, ýüzüş usulyny üýtgedýän robot balygy döretdiler

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Şenýan awtomatlaşdyryş institutynyň alymlary daşky gurşawyň şertlerine görä ýüzüş usulyny üýtgedip bilýän ýumşak robot balygy döretdiler. Bu barada «IEEE Transactions on Robotics» ylmy...

01.03.2025 07:37
4.3k+

Arheologlar adamlaryň Magellandan 40 müň ýyl ozal ummanlardan aşyp geçendigini subut etdiler

Filippinlerde, Indoneziýada we Gündogar Timorda geçirilen täze arheologiki tapyndylar Günorta-Gündogar Aziýanyň gadymy halklarynyň on müňlerçe ýyl ozal deňizde ýüzmegi özleşdirendigini subut etdi. Olar Magellanyň...

28.02.2025 10:47
3k+

Marsda gadymy çägeli kenarlaryň yzlary tapyldy

Marsda bir wagtlar, hakykatdan hem, umman bolupdyr. Alymlar munuň subutnamasyny – gadymy çägeli deňiz kenarlarynyň (plýažlaryň) yzlaryny tapdylar. Bu barada «Daily Mail» habar berýär. Bu açyş hytaýly «Çžužun» (Zhurong)...

28.02.2025 10:28
4.2k+

Täze geçirilen barlag Gizadaky Beýik piramidanyň energetiki aýratynlyklaryny açyp görkezdi

Alymlar Gizadaky Beýik piramidanyň elektromagnit tolkunlary bilen üýtgeşik täsirleşýändigini we äpet energetiki rezonatoryň wezipesini ýerine ýetirýändigini ýüze çykardylar. 4600 ýyllyk ägirt uly desga bilen geçirilen...