Uçýan elektrokar ýolda duran ulagyň üstünden uçup geçdi

  • 22.02.2025 22:59
  • 15k+

Alef Aeronautics amerikan startapy dik uçmaga we gonmaga ukyply bolan uçýan Model A elektromobilini görkezdi. Ýakynda hödürlenen wideoda Model A ýolda duran Lexus awtomobiliniň üstünden uçup geçip, ýere gonýar.

Kompaniýa eýýäm synaglar we ulanylyş üçin ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasyndan (FAA) şahadatnama aldy. Model A bir zarýadda ýolda 350 km çenli, howada 176 km aralygy geçip bilýär.
Elektromobil doly elektrik tirkegde işleýär, ýöne geljekde wodorod hereketlendirijili wersiýany hem döretmek meýilleşdirilýär.
Model A-nyň bahasy 300 000 dollar bolup, sargytlar eýýäm nobata baglylykda 150 dollar – 1500 dollar aralygynda öňünden tölegler bilen kabul edilýär. Häzirki wagtda 3300 deslapky sargyt bar.
Model A-ny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykarmak meýilleşdirilýär. Alef 35 000 dollara has elýeterli Model Z modelini hem taýýarlaýar, ýöne ol 2035-nji ýyldan ir peýda bolmaz.

şu gün 08:16
969

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......