Uaýttop lakamly lama ömür dowamlylygy boýunça Ginnesiň iki rekordyny täzeledi

  • 03.03.2025 06:35
  • 6.7k+

Uaýttop lakamly erkek lama iki rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 27 ýyl 250 gün ýaşady, bu bolsa ony hem bendilikde, hem gözegçiligiň bütin taryhynda öz görnüşiniň iň garry wekiline öwürýär.

Uaýttop 2006-njy ýyldan bäri Demirgazyk Karolinadaky Victory Junction lagerinde ýaşaýar. Bu agyr keselli çagalara kömek edýän täjirçilik däl guramadyr. Lama çagalar bilen wagt geçirip, olaryň söýgüli haýwanyna öwrüldi.

“Ol myhmanlarymyza örän hoşniýetli garaýar. Lagerimize çagalar gelen wagty Uaýttop ýatýar we günortana çenli turmaýar – şeýle etmek bilen, ol çagalara gelip, özüni sypalamaga mümkinçilik berýär. Bu onuň üçin iş borjy ýaly, ýöne bu onuň işi!” – diýip, Victory Junction-yň işgäri Billi Jo Dewis aýdýar.

Lagerde Uaýttop öz otlagyny kiçi eşekler Jed we Jerto, şeýle-de ony öz “atasy” hasaplaýan dag sygry Gas-Gas bilen paýlaşýar.
Ýumşak häsiýetine garamazdan, lama käwagt aç bolsa ýa-da oňa beýleki haýwanlar azar berse, tüýkürjek bolýar. Ýöne ýaşy sebäpli onuň synanyşyklary seýrek başa barýar.


düýn 17:17
4.3k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....