Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

  • 02.03.2025 09:10
  • 8.8k+

1-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Oňa bäsleşigiň welaýatlarda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanmagy başaran gelin-gyzlar gatnaşdylar we 8 ugur boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.
Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksadydyr.

Bäsleşik çekeleşikli geçirilip, ol gyzykly pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry hem üstünlikli geçirildi. Onuň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä:

  • – «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa «Ýylyň işewür zenany»;
  • – «Berkarar döwletimizde el hünärini dikelýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa «Ýylyň çeper elli zenany»;
  • – «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gurjak» halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;
  • – «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa «Ýylyň mährem zenany»;
  • – «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa «Ýylyň Watançy zenany»;
  • – «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Daýhan zenanyň yhlasy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;
  • – «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany»;
  • – «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa «Ýylyň halypa zenany» diýlip yglan edildiler.

Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 





düýn 11:13
7.2k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....