Citigroup ýalňyşlyk bilen müşderiniň hasabyna 81 trillion dollar geçirdi

  • 01.03.2025 22:14
  • 9k+

Amerikanyň banky we dünýäniň iň iri konglomeratlaryndan biri bolan Citigroup ýalňyşlyk bilen müşderisiniň hasabyna 280 dollaryň ýerine 81 trillion dollar geçirdi. Bu waka 2024-nji ýylyň aprelinde bolan hem bolsa, ony köpçülige indi aýan etdiler diýip, Financial Times gazeti habar berýär.

Ýalňyşlyk maglumatlar bankyň ätiýaçlyk ulgamyna el bilen girizilende goýberildi. Puluň möçberi ýazylýan ýerde aslynda nollar durdy we işgär olary pozmandyr. Ýalňyşlygy duýman, ikinji işgär hem pul geçirmesini tassyklapdyr. Diňe üçünji wezipeli adam 1,5 sagat soň geleşigi gaýtadan işlände şübheli tölege üns berýär. Birnäçe sagatdan soň töleg ýatyrylýar.
Citigroup bolan waka barada Federal ätiýaçlyk goruna we Pul dolanyşygyna gözegçilik  müdirligine habar berdi. Bankda içerki iş tertibiniň aslynda-da serişdäniň hasapdan çykmagyna ýol bermejekdigini nygtadylar.
Bu waka banka-da, müşderä-de hiç hili täsir ýetirmedi diýip, maliýe konglomeratynda aýtdylar. Olar: "Bu bolan waka mydama elde işlemekden saklanmaga jan çekýändigimizi we dolandyryşlary awtomatlaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigimizi görkezýär" - diýip, sözüniň üstüni ýetirdiler.

FT-niň çeşmeleri hem öz gezeginde bolup geçen wakanyň “giriş ýalňyşlygy we ulanyjy interfeýsli ätiýaçlyk ulgamy bilen baglanyşyklydygyny” tassyklaýar. FT-nyň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl Citigroup-de 1 milliard dollardan gowrak ýalňyş geçirimleriň 10-syny, 2023-nji ýylda 13 ýagdaýy hasaba aldy.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......