"Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak" filminiň premýerasy 2027-nji ýylyň dekabryna süýşdi

  • 01.03.2025 21:42
  • 3.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak» (Властелин колец: Охота на Голлума) filminiň režissýory Endi Sýorkis «Fan Expo Vancouver 2025» çäresinde çykyş etdi. Çäräniň dowamynda ol filmiň premýerasynyň 2027-nji ýylyň dekabr aýyna süýşürilendigini mälim etdi. Ilkibaşda filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirilipdi diýip, «Screen Rant» neşiri habar berýär.

Sýorkis ssenariý işlerine ýaňy-ýakynda başlanandygyny we surata düşüriş işlerine indiki ýylda başlanjakdygyny aýtdy. Belläp geçsek, ozal awtorlar filmi iki bölege bölmegi meýilleşdirmeýändiklerini mälim edilipdiler.
Bu film Gollumyň geçmişi barada, şeýle-de awtorlaryň öňki filmlerde üstüni açmadyk wakalary barada gürrüň berer. Tolkininiň kitaplaryna görä, Gendalf Gollumy gözlemek wezipesini Aragorna tabşyrýardy. Filmiň prodýuseri Piter Jekson bolup, ol filmiň düşürilşiniň ähli tapgyrlaryna gatnaşar.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......