«Şrek 5» multifilminiň ilkinji tizeri çykdy. Ogryň gyzyna Zendaýa ses berýär

  • 01.03.2025 21:34
  • 2.9k+

DreamWorks studiýasy «Şrek 5» multifilminiň ilkinji tizerini çykardy. Multfilmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda bolar.

«Ey, jadyly aýna! Bu ýerde iň owadan kim?» — diýip, tizerde Eşek soraýar. Aýna bolsa oňa ogryň suratlary bolan memleri görkezýär, diýmek jogap «Şrek» bolmaly. Aýnada peýda bolan suratlaryň arasynda, myşsalary kämil pälwan Şrek peýda bolýar. Şol wagt onuň gyzy otaga girýär we kakasynyň görnüşini görüp, gülüp başlaýar.

Bu sahna bilen studiýa Zendaýanyň Maýk Maýers (Şrek), Eddi Merfi (Eşek) we Kemeron Dias (şa gyzy Fiona) bilen bilelikde filme goşulýandygyny mälim etdi. Muşdaklar hem eýýämden keşpleriň täze çyzgylaryna we animasiýanyň üýtgeşik stiline üns berdiler.
Filmiň mazmuny entek syr bolup galýar, ýöne režissýorlyk wezipelerini franşizanyň tejribeli ussatlary Uolt Dorn we Konrad Wernon ýerine ýetirer. Dorn «Şregiň» ikinji we üçünji bölümleriniň ssenariýsinde işlän, dördünji filmde bolsa ssenariý toparyna ýolbaşçylyk eden. Ol şeýle-de «Şrek ebedi» (Шрек навсегда) filminde Rumpelştilshene ses beripdi.
2022-nji ýylda kinoteatrlarda Ädikli pişik barada täze spin-off film hem görkezilipdi. Oňa Antonio Banderas ses beripdi. Bu film DreamWorks üçin uly üstünlik bolupdy: ol dünýä boýunça kassalarda 500 million dollar diýen ýaly girdeji toplady.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......