«Altyn malina» anti-baýragynyň «ajaýyp ýeňijileri» yglan edildi

  • 01.03.2025 14:49
  • 2.1k+

Los-Anjelesde 2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Altyn malina» anti-baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Bu ýylky iň şowsuz film «Hanym Kerep» (Мадам Паутина) boldy. Bu film üç baýrak gazandy, olar: «Iň erbet film», «Iň erbet aktrisa» (Dakota Jonson) we «Iň erbet ssenariý».

«Iň erbet aktýor» diýen ada Jerri Saýnfeld mynasyp boldy. Ol bu baýragy režissýor hökmünde çykyş eden «Syrçasyz» (Без глазури) atly komediýasyndaky keşbi üçin aldy. Filmde onuň bilen bile oýnan Emi Şumer bolsa «Iň erbet kömekçi aktrisa» diýlip saýlandy.
Anti-baýragyň guramaçylary «Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmindäki Hoakin Feniksiň we Ledi Gaganyň keşplerini hem halamadylar. Olary «Ekrandaky iň erbet jübütler» diýip yglan etdiler, film bolsa «Iň erbet sikwel, remeýk, plagiat ýa-da prikwel» diýen baýrak bilen sylaglandy.
«Megalopolis» filminiň režissýory Frensis Ford Koppola «Iň erbet režissýor» diýlip yglan edildi. Dünýä kinosynyň klassigi bu baýragy diňe bir kabul etmän, eýsem Instagram sahypasynda yzarlaýjylaryna öwünip görkezdi.

«Men häzirki zaman kinematografynyň trendlerine garşy gitmekdäki edermenligim üçin „Malina“ baýragyny alanyma diýseň begenýärin! Sungata restling (göreş) ýaly baha berilýän döwürde, biz 50 ýyldan soňam diri galjak kinolary döredýäris» — diýip, režissýor ýazdy. Ol indi öz kolleksiýasynda hem «Oskaryň», hem-de «Malinanyň» bardygynam belläp geçdi.

«Megalopolis» filminiň aktýorlaryndan Jon Woýta «Iň erbet kömekçi keşp» üçin baýrak berildi. Ol diňe bir bu film üçin däl, eýsem «Reýgan», «Shadow Land» we «Nätanyşlar» (Незнакомцы) filmleri üçin hem bu baýraga mynasyp boldy.
Diňe birje aktrisa bu anti-baýragyň guramaçylarynyň gözünde täzeden abraý gazanmagy başardy. Ol bolsa Pamela Anderson bolup, «Şougerl» filmindäki keşbi boýunça «abraýyny dikeldendigi üçin» ýörite baýrak bilen sylaglandy.


düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......