Hytaýda eýwanly, howuzly we açylýan ikinji gatly ulag-jaý döredildi

  • 01.03.2025 12:07
  • 12k+

Hytaýyň Qixing RV kompaniýasy adaty bolmadyk Type T (FT 3124-Y) ulag-jaýyny hödürledi. Model Ford T8-e esaslanyp gurlupdyr. Onuň esasy aýratynlygy ýygnalýan üçeginiň bolmagydyr. Şonuň esasynda eýwanly we hatda basseýnli ikinji gat döreýär.

Ulag-jaýyň uzynlygy takmynan 6 metr, dizel hereketlendirijisi, awtomatiki geçiriji bilen enjamlaşdyrylan we tizligi sagatda 156 km-e ýetip bilýär. Ýangyç sarp edişi - 11 l / 100 km. Içine 6 adam ýerleşýär.
Ulag-jaýyň ýüksüz agramy 4750 kg, ýükli - 5250 kg. Öň tarapky podweskasy - MakFerson, yzkysy - Leafspring. Ähli tigirleri disk tormozy bilen enjamlaşdyrylan. Sürüjiniň we ýolagçylaryň howpsuzlygy ABS, EBD, ESC we howa ýassygy ýaly häzirki zaman ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Kuzowy ýeňil, berk we ýylylyga çydamly materiallardan ýasalypdyr. Ýokarky galýan üçegi, hatda uzyn boýly adamlar üçinem amatly giňişlik döredýär. Içinde gündelik durmuş üçin ähli zerur zatlar bar: DAIKIN kondisioneri, ýyladyş, nawigasiýa ulgamy, 3000 Wt kuwwatly inwertor, Gün paneli we ş.m. Daş-töwerek görnüp duran giň terrasasynda arassa howadan we howuzdan lezzet alyp bolýar.
Type T-niň bahasy 103 müň dollardan 158 müň dollar aralygynda.



şu gün 08:16
670

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....