Xiaomi "Buds 5 Pro" nauşniklerini çykardy: Wi-Fi we aptX Lossless goldawy bolan ilkinji simsiz nauşnikler

  • 01.03.2025 08:03
  • 2k+

Xiaomi kompaniýasy täze flagman nauşniklerini – Buds 5 Pro modelini tanyşdyrdy. Bu enjam kompaniýanyň Wi-Fi arkaly ses bermegi goldaýan ilkinji simsiz nauşnigi bolup, ol 4,2 Mbit/s-e çenli ýokary maglumat geçirijilik tizligini üpjün edýär. Şeýle-de täze model aptX Lossless tehnologiýasyny (2,1 Mbit/s-e çenli) goldaýar.

Buds 5 Pro sesiň gönümel başga dile terjime edilmegi ýa-da tekste öwrülmegi ýaly emeli aň funksiýalaryny hem goldaýar.
Täze nauşnik goşa güýçlendiriji ulgam we üç draýwer bilen üpjün edilen: 11 mm titan wufer (ýokary hilli bass üçin), 10 mm keramiki twiter (has arassa we inçe ses üçin). Olaryň sazlamalary Harman Golden Ear inženerler topary tarapyndan sazlandy. Şeýle-de Master Harman ekwalaýzeri dört sany öňünden düzülen ses profilini hödürleýär.
Aktiw ses basyş ulgamy (ANC) sesiň derejesini 55 dBA çenli peseldýär. Üç sany mikrofon bolsa 15 m/sag-e çenli öwüsýän güýçli şemalyň sesini, şeýle-de jaňda gürleşilýän mahaly 100 dBA çenli daşky sesleri blokirlemegi başarýar.

Buds 5 Pro Bluetooth 5.4 arkaly işleýär hem-de IP54 gorag standartyna laýyklykda, tozana we çyglylyga garşy durnukly. Batareýasynyň ömri: Wi-Fi režiminde – 10 sagada çenli, Bluetooth arkaly – 8 sagada çenli, zarýad gutusy bilen umumy iş wagty bolsa – 40 sagada çenli.
Xiaomi Buds 5 Pro şu reňklerde hödürlenýär: «Snow Mountain White» (ak), «Titanium Gold» (altynsöw) we «Mirage Black» (gara, diňe Wi-Fi wersiýasy üçin).

Bahalary:

  • Wi-Fi wersiýasy – 1499 ýuan (206 dollar);
  • Bluetooth wersiýasy – 1299 ýuan (178 dollar).

Täze Xiaomi Buds 5 Pro nauşnikleri Hytaýda satuwa çykaryldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...