Xiaomi SU7 Ultra ulagy çykandan 2 sagat soň 10 müň sany deslapky sargyt aldy

  • 28.02.2025 17:47
  • 4.4k+

Xiaomi kompaniýasy 27-nji fewralda resmi taýdan «SU7 Ultra» modelini tanyşdyrdy we ony iň çalt seriýaly dört gapyly awtoulag diýip atlandyrdy.

Täze model umumylykda 1548 at güýjüni öndürýän, üç sany elektrikli hereketlendiriji (V8s+V6s) bilen enjamlaşdyrylan. Awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,98 sekuntda ýetýär we iň ýokary tizligi bolsa 350 km/sag-den geçýär. CLTC standartlaryna görä, bir gezeklik zarýad bilen 620 km ýol geçip bilýär.
Daşky dizaýny karbon aerodinamiki elementleri, karbon yzky spoýleri we 24K altyn logotipi öz içine alýar. Ulagyň salony «Alcantara» materiallary bilen bezelen we içinde 25 sany dinamika, aktiw ses izolýasiýa ulgamy we «Xiaomi Pilot» awtonom sürüş ulgamy bar. Awtoulag mart aýynda elýeterli boljak awtomatiki awtoulag duralgasyny tapmak we dar ýerlerden çykmak funksiýalaryny hem goldaýar.

«SU7 Ultra» 897V arhitekturasy we 5,2C tiz zarýad ulgamy bilen üpjün edilen: akkumulýatory 10%-den 80%-e bary-ýogy 11 minutda ýetýär. Mundan başga-da ulagda ýörite ýaryş tertibi, burulmany tiz dolandyryş ulgamy we ýokary derejeli howpsuzlyk ulgamy bar.
Goşmaça amatlyklaryň hatarynda 50Wt kuwwatly goşa simsiz zarýad beriş ulgamy, awtomatiki garaňkyraýan yzky aýnalar we ses izolýasiýasy güýçlendirilen ýörite aýnalar bar. Awtoulagyň tekerlerinden çykýan sesi peseltmek üçin ýörite ses basyş ulgamy oturdylan, şeýle-de kosmetiki aýnanyň yşygyny üç dürli režimde sazlap bolýar.

Täze model bazara çykarylan badyna uly meşhurlyk gazandy. Tanyşdyrylyşdan soň ilkinji 10 minutda 6 müň 900 sany deslapky sargyt kabul edildi, 2 sagadyň dowamynda bolsa bu san 10 müňe ýetdi. Deslapky sargytlar 31-nji marta çenli kabul edilýär. Her bir awtoulag üçin goýum 20 müň ýuan, bahasy bolsa 530 müň ýuan (72 müň 700 dollar). Jemi deslapky sargytlaryň umumy bahasy eýýäm 200 million ýuana (27,4 mln dollara) ýetdi.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....