В США нашли «мохнатого дьявола»: пушистое растение с рогами оказалось новым видом

  • 28.02.2025 11:51
  • 5.7k+

Çiuaua (Tehas ştaty, ABŞ) çölünde Big-Bend milli seýilgähinde ösümlikleriň öň näbelli görnüşi tapyldy. Mymyk tüýli ak ýapraklary we şah çykyp duran ýaly goýy gyzyl gülleri sebäpli alymlar ony “tüýlek arwah” – Ovicula biradiata diýip atlandyrdy.

Bu soňky 50 ýylda ABŞ-nyň Milli seýilgähinde tapylan ilkinji täze ösümlik diýip, Pensoft ýazýar.
Üýtgeşik güli ilkinji bolup seýilgähiň meýletinçisi Deb Menli gördi. Ol suraty iNaturalist programmasyna ýükledi, şondan soň botanikler ony öwrenip başlady. Alymlar onuň özboluşlylygyny tassyklady, olar güli bary-ýogy üç ýerde tapdy, bu hem görnüşiň seýrekdigini görkezýär.

“Çöl ösümlikleri, köplenç, özboluşly, sebäbi olar uzak wagtlap suwsuzlykdan başlap, duýdansyz suw joşgunlaryna çenli adatdan daşary şertlerde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Olarda bu gurak landşaftlarda aşa gurakçylyga we suw joşgunlaryna çydamaga mümkinçilik berýän ýörite mehanizmler emele gelýär” – diýip, Kaliforniýanyň ylymlar akademiýasyndan Isaak Lihter düşündirýär. Alym çölleriň has yssy we gurak bolmagyna getirýän howanyň üýtgemegi sebäpli, “tüýlek" gül ýaly seýrek görnüşlere ýitmek howpunyň abanýandygyny belledi.

Ylmy gözlegçiler onuň himiki düzümini-de öwrenýär. Ähtimal, ol dermanlyk aýratynlyklaryna eýedir.

“Biz mikroskopyň astynda, bilşimiz ýaly, günebakar maşgalasyna degişli beýleki ösümliklerde rak we çiş kesellerine garşy häsiýetleri bolan birleşmeleri düzüminde saklaýan aýratyn mäzleri gördük” – diýip, botanik Keýli Peralta aýdýar. Bu häsiýetleri tassyklamak üçin goşmaça gözlegler gerek.


23.04.2026 15:28
7.2k+

15-летняя курица в США установила рекорд долголетия

Курица по кличке Герти из США признана самой старой из ныне живущих кур в мире. На момент фиксации рекорда ей было 15 лет и 100 дней....

22.04.2026 17:08
7.1k+

22 часа в небе без пересадок: авиакомпания Qantas готовит самые долгие авиарейсы в мире

Австралийский авиаперевозчик Qantas готовится к запуску самых продолжительных коммерческих рейсов в истории авиации. Они свяжут Сидней с Лондоном и Нью-Йорком. ...

18.04.2026 15:50
8.1k+

Названы самые прибыльные актёры Голливуда в 2026 году

Владельцы кинотеатров США назвали голливудских актёров, которых они считают наиболее прибыльными в 2026 году....

18.04.2026 15:16
3.3k+

Рейтинг крупнейших регионов мира: от Республики Саха до Западной Австралии

Области, автономные территории, края, штаты — это все административно-территориальные единицы стран. Они формируются с учетом исторических, географических, экономических и этнических факторов. При этом регионы......