Toyota mart aýynda täze elektrikli wnedorožnik çykarar

  • 27.02.2025 23:59
  • 3.7k+

Toyota-nyň Ýewropa bölümi täze elektrik awtoulagynyň ilkinji görkezilişiniň boljakdygyny bildiriş etdi. Tanyşdyryş 12-nji martda geçer.

Entek modeliň tehniki häsiýetnamasy hem, ady hem aýan edilmedi. Şeýle-de bolsa, tizerden çen tutsaň, bu 2022-nji ýylda hödürlenen bZ Compact SUV konsepsiýasynyň önümçilik wersiýasy bolar.
Tizer Toyota-a mahsus dinamiki çyzykly we yşyklandyryşly krossoweriň suduryny  görkezýär. Bu häsiýetler şol wagt geljekki elektrik awtoulagynyň prototipi diýlip atlandyrylýan düşünjäni ýada salýar. Täze modeliň Toyota bZ4X-den birneme kiçi we arzan bolmagyna garaşylýar. Awtoulag C-HR ýaly krossowerlere bäsdeş bolup biler.
2024-nji ýylyň ahyrynda Toyota 144 -184 at güýjüne eýe bolan we 61 kWt⋅s kuwwatly batareýaly ykjam elektrikli Urban Cruiser-i hödürledi. Täze modeliň Ýewropa üçin niýetlenen görnüşi, belki, birneme ulurak we has güýçli bolar.
Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar aýynda Toyota täze modeller üçin harp san görkezijilerini ulanmakdan ýüz öwürjekdigini we has düşnükli atlary berjekdigini mälim etdi. Netijede, 12-nji martda hödürlenjek krossower bZ setirine degişli bolmaz.


28.06.2026 21:54
3.7k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......