Porsche Cayenne 930 at güýjündäki Techart Magnum-a öwrüldi

  • 27.02.2025 23:16
  • 5.3k+

Techart ussahanasy düýpli kämilleşdirilen Porsche Cayenne-i tanyşdyrdy. Güýçlendirilen wersiýa Techart Magnum diýlip atlandyryldy. Awtoulagyň dizaýny ep-esli üýtgedildi, şeýle-de onuň V8 hereketlendirijisi güýçlendirilip, 930 at güýjüne çenli ýokarlandyryldy.

Krossoweriň kuzowy uglerod süýümi bilen örtüldi. Karbondan ägirt uly howa alýan öňki bamperi, kapoty we giňeldilen teker arkalary ýasaldy. Awtoulagyň yzky bölegi üçin täze bamperler, diffuzor we turba ulgamy boýunça birnäçe wariantlar hödürlenýär. Adaty görnüşde dört sany turba ýerleşdirilýär, Sport görnüşinde bolsa iki sany merkezi turba ulanylýar.
Techart ussahanasy Turbo GT wersiýasynyň V8 hereketlendirijisiniň güýjüni 659-dan 930 at güýjüne, öwrüminiň pursadyny (torkuny) bolsa 1100 Nm-e çenli ýokarlandyrdy.
Magnum 100 km/s tizlige bary-ýogy 2,7 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 330 km/s-e barabar.
Geljekde Porsche Cayenne elektrikli awtoulag bolar, ýöne şonda-da benzinli hereketlendirijili görnüşi nobatdaky döwrebaplaşdyryşdan soň hem bazarda galmaga dowam eder.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....