Huawei kämilleşdirilen kamerasy we giňeldilen ýady bolan Enjoy 70X+ modelini hödürlär

  • 27.02.2025 19:04
  • 2.6k+

Huawei kompaniýasy Enjoy 70X smartfonynyň täze wersiýasynyň üstünde işleýär. Täze Enjoy 70X+ modeli has kämilleşdirilen öňdäki kamerasy, uly göwrümli ýatly görnüşleri we täze dizaýny bilen tapawutlanar.

Huawei kompaniýasy býujet derejesindäki (arzan bahaly) Enjoy 70X smartfonynyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Täze enjamyň adyna «+» belgisi goşular, bu bolsa käbir täzelenmeleriň bardygyny aňladar.
Esasy üýtgeşme öňdäki kameranyň 8 MP-den 32 MP-e çenli ýokarlandyrylmagy bilen baglydyr. Munuň netijesinde selfi suratlaryň we wideojaňlaryň hili ep-esli gowulaşar.
Şeýle-de täze wersiýada 128 GB göwrümli model aýrylar, emma giňeldilen ýatlar bilen has köp wariant hödürlener:

  • 8 GB RAM + 256 GB ROM,
  • 8 GB RAM + 512 GB ROM,
  • 12 GB RAM + 512 GB ROM.

Şeýle hem Huawei iki sany täze korpus reňkini goşar: Agate Red (gyzyl agat) we Obsidian Black (gara obsidian). Häzirki wagtda bar bolan dört reňk, şol sanda hem täze reňkler alyjylara has giň saýlaw mümkinçiligini berer.
Analitikleriň çaklamalaryna görä, Enjoy 70X+ smartfonynyň bahasy 2 müň ýuandan (takmynan, 275 dollardan) ýokary bolar, bu bolsa ony has ýokary bahaly smartfonlaryň hataryna ýerleşdirip biler.
Prosessory ýa-da batareýasy ýaly beýleki aýratynlyklar barada entek maglumat ýok. Täze modeliň resmi tanyşdyrylyşynyň öňümizdäki hepdelerde geçirilmegine garaşylýar.


düýn 08:10
2.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...