Samsung-yň Galaxy A seriýaly täze smartfonlary alty uly täzelenme alar

  • 27.02.2025 16:21
  • 3.7k+

Samsung orta synpda üç sany täze smartfon modelini çykarmaga taýynlanýar – Galaxy A56, A36 we A26. Agzalan enjamlar Android operasion ulgamynyň alty uly täzelenmesini alar. Bu habar resmi tizer arkaly tassyklandy.

Bu öňki Galaxy A35 we A55 ýaly modeller bilen deňeşdirilende uly ösüşdir, sebäbi olar diňe dört uly täzelenme bilen çäklenýärdi.

Täze modelleriň kamerasynyň tabletka görnüşli dizaýnda bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da smartfonlaryň öndürijiligi gowulandyrylar. Meselem, Galaxy A56 5G täze Exynos 1580 çipsetinde işleýär, bu bolsa häzirki Exynos 1480 bilen deňeşdirilende 37% gowulanan grafiki öndürijiligi üpjün eder.

Galaxy A36 5G modeli bolsa, ähtimal, Qualcomm Snapdragon 6 Gen 3 çipseti bilen enjamlaşdyrylar.

Galaxy A26 barada entek jikme-jik maglumat ýok.

Samsung resmi tanyşdyrylyş senesini yglan etmese-de, täze modelleriň ýakyn wagtda tanyşdyrylmagyna garaşylýar, sebäbi Galaxy A35 we Galaxy A55 geçen ýylyň mart aýynda çykypdy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...