Jon Litgou “Garri Potter” serialynda Dambldoryň keşbi üçin resmi taýdan tassyklandy

  • 27.02.2025 11:33
  • 4k+

Amerikaly aktýor Jon Litgou geljekki “Garri Potter” serialynda Albus Dambldoryň keşbiniň hut özüne ynanylandygy baradaky maglumaty tassyklady.

Birnäçe abraýly KHBS-iň habarlaryndan tas iki hepde soň, aktýor bu keşp üçin öz razylygyny berendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, çözgüdiň kyn bolandygyny, sebäbi soňky möwsümleriň düşürilişinde eýýäm gartaşan ýaşa ýetjekdigini aýtdy.

“Haçan-da maňa Dambldoryň keşbini teklip edenlerinde, bu meniň üçin garaşylmadyk boldy. Bu aňsat çözgüt bolmady, sebäbi ol meniň ömrümiň soňky sahypasyny kesgitlär öýdüp gorkýaryn. Ýöne men örän tolgunýaryn. Käbir örän gowy adamlar “Garri Pottere” öz ünsüni berýär. Ine, bu näme üçin kyn çözgüt boldy. Hezilligiň soňunda men 87 ýaşymda dagy bolaryn, ýöne men barybir razy boldum” diýip, aktýor belledi.

Litgou “Dekster” filmindäki we ýakynda çykan “Konklaw” trillerindäki keşpleri bilen tanalýar. Ol geljekki seriala gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklan ilkinji aktýor boldy. Öň taslamada dürli keşpler Killian Mýorfä (“Oppengeýmer”), Brett Golstine (“Ted Lasso”) we Şeron Horgana (“Uýalar Garwiniň dildüwşügi) hödürlendi. Dambldoryň keşbi bolsa Mark Raýlense hem teklip edilipdi.
“Garri Potter” serialy 2027-nji ýylyň başynda başlar. Taslamanyň şouranneri “Mirasdüşerleriň” ssenariçisi Françeska Gardiner bolar, kitaplaryň awtory Joan Rouling maslahatçy hökmünde çykyş eder.


düýn 23:20
383

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 14:33
1.8k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

12.05.2026 23:04
2.4k+

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......